Italiýa Respublikasy
89«CirculEC» TASLAMASY (ITALIÝA RESPUBLIKASY)
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatynda uly işler alnyp barylýar.
Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «CirculEC» taslamasynyň çäklerinde “Sirkulýar ykdysadyýet we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw meýilnamalaryny we modullaryny işläp düzmek” atly okuw maslahatyna Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe kafedrasynyň uly mugallymy Şöhrat Bäşimow, Ätiýaçlandyryş işi kafedrasynyň uly mugallymy Pälwan Nurmedow we Okuw bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Eziznazar Beknazarow 2025-nji ýylyň 10-15-nji marty aralygynda Italiýa Respublikasynyň Neapol şäherinde iş saparynda boldular. Neapol şäheriniň Federiko II uniwersitetinde “Sirkulýar ykdysadyýet we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw meýilnamalaryny we modullaryny işläp düzmek” atly okuw maslahatyna Italiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdy. Okuw maslahaty jemi 3 toplumdan ybarat bolup, olar: 1.Bäsdeşlige ukyplylygyň territorial we şäher düzümleri; 2. Durnuklylyk we bäsdeşlige ukyplylyk görkezijileri; 3. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnulylyk we bäsdeşige ukyplylyk reýtingi. Her okuw toplumy boýunça birnäçe soraglaryň üstünde durlup geçildi.
Okuw maslahatynyň birinji toplumynda territorial bäsdeşlige ukyplylyk we durnuklylyk reýtingleri, dürli şäher bäsdeşlikleri, dünýä reýtingleriniň deňeşdirilmegi barada düşündirildi. Okuw maslahatynyň ikinji toplumynda durnuklylyk we bä sdeşlige ukyplylyk düşünjeleriniň ösüşi, şäherleriň durnuklylygy, bäsdeşlige ukyplylygy hem-de olara täsir edýän faktorlar barada agzaldy. Okuw maslahatynyň jemleýji böleginde bolsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň şäherlerinde durnuklylyk we bäsdeşlige ukyplylyk derňewleri hakynda bellenip geçildi. Şeýle hem gatnaşyjylaryň arasynda sirkulýar ykdysadyýet modeli (zyňyndylary azaltmak, gaýtadan işlemek we çig mallary dolanyşyga gaýtaryp getirmek) esasynda “case study” okatmagyň usulyýetiniň kömegi bilen işewürlik oýny hem guraldy. Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «CirculEC» taslamasynyň çäklerinde “Sirkulýar ykdysadyýet we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw meýilnamalaryny we modullaryny işläp düzmek” atly okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.
Şeýle ajaýyp döwri peşgeş berip, mugallymlara halkara hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna hemmetaraplaýyn döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Beýik maksatly, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!