Hasap we audit
182Fakultetiň düzümine Buhgalterçilik hasaba alnyşy we Ýokary matematika kafedralary girýär. Fakultetde şu ugurlar boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit», «Birža işi».
Fakultetiň uçurymlary ýurdumyzyň maliýe, bank, salgyt, ätiýaçlandyryş, şeýle hem birža ulgamlarynda, şeýle hem beýleki edara-kärhanalarynda zähmet çekýärler. Fakultetiň kafedralarynda sanly ykdysadyýetiň derwaýys temalary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ylmy barlag işlerine professor-mugallymlar bilen bilelikde talyp ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.
Bu fakultetiň kafedralarynyň professor-mugallymlary okatmagyň işjeň usullaryny giňden peýdalanmak arkaly okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak, talyplarda hünär endiklerini we başarnyklaryny kemala getirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Professor-mugallymlar we talyplar institutda we onuň daşynda geçirilýän ders hem-de ylmy bäsleşiklere, baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar. Fakultetiň kafedralary önümçilik bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar.