Salgyt we salgyt salmak
38Fakultetiň düzümine Salgytlar we salgyt salmak, Ätiýaçlandyryş işi, Maglumat tehnologiýalary kafedralary girýär. Fakultetde şu ugurlar boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Salgytlar we salgyt salmak», «Ätiýaçlandyryş işi», «Ykdysady informatika», «Töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi», «Işewürlik-informatika».
Fakultetiň uçurymlary ýurdumyzyň etraplarynda we şäherlerinde hereket edýän salgyt bölümlerinde, ätiýaçlandyryş edaralarynda, dürli eýeçilik-guramaçylyk görnüşli ýuridik şahslarda, işleýärler. Fakultetiň kafedralarynyň professor-mugallymlary okuw-usuly işler bilen bir hatarda salgyt, ätiýaçlandyryş işi we sanly ulgamlaryň derwaýys temalary boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýarlar. Ylmy-barlag işlerine talyp ýaşlar giňden çekilýär.
Bu fakultetiň kafedralarynyň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylyk etmeklerinde talyp ýaşlary halkara, döwlet, institut derejelerinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýärler.