Ýokary matematika
218Kafedranyň professor-mugallymlary taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriň) ählisinde «Ýokary matematika», «Ähtimallyklaryň nazaryýeti we matematiki statistika», «Tebigy bilimleriň häzirki zaman taglymatlary», «Ykdysady-matematiki usullar we modeller», «Ekonometrika», «Matematiki analiz» we beýleki dersleri okadýarlar.
«Ýokary matematika» kafedrasynyň professor-mugallymlarynyň awtorlygynda «Ekonometrika», «Ykdysady matematiki modeller we usullar», «Inžener ykdysatçynyň psihologiýasy» okuw kitaplary, «Ýokary matematika boýunça meseleler ýygyndysy» okuw gollanmasy neşir edildi.
Kafedrada «Kesgitsizlikde ulag meseleleriniň optimal çözülişi (Ulag ulgamynyň mysalynda)» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär we «Matematik» ylmy gurnagy hereket edýär. Ylmy žurnallarda kafedranyň professor-mugallymlarynyň makalalary çap edilýär. Olar ylmy gurnaga gatnaýan talyplaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk edýärler, talyplary halkara we döwlet derejelerinde geçirilýän ders olimpiadalaryna hem-de ylmy işleriň bäsleşiklerine taýýarlaýarlar.