Bank işi
40Bank işi gutardyş kafedrasy bolup, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamy üçin ýokary bilimli hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlaýar. Kafedrada «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary», «Pul, karz we banklaryň nazaryýeti», «Pul, karz we banklar», «Halkara walýuta-karz we maliýe gatnaşyklary», «Halkara töleg ulgamlary», «Bank işi», «Karz bazary», «Bank menejmenti», «Düýpli maýa goýumlaryň maliýeleşdirilişi we karzlaşdyrylyşy», «Sanly pul dolanyşygy», «Bank hukugy», «Bank töwekgelçiligi we onuň ätiýaçlandyrylyşy» we ş.m. dersler okadylýar. Kafedrada ýokary derejeli we tejribeli mugallymlar zähmet çekýärler.
Häzirki wagtda kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet belligine alnan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini seljermegiň we çaklamagyň ylmy-usuly esaslary» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi alnyp barylýar. Ylmy temanyň netijeleri boýunça ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlar edilýär, makalalar we tezisler çap edilýär.
Kafedranyñ mugallymlary talyplaryñ ylmy işine ẏolbaşçylyk etmek meselesine uly ähmiẏet berẏärler. Şu maksat bilen kafedrada «Pul dolanyşygy we karz», «Bank işi we maliýe», «Ekologiýa» ylmy gurnaklary hereket edẏär.
Kafedranyň mugallymlary okuw prosesi üçin möhüm bolan okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlamak bilen işjeň meşgul bolýarlar. Olaryň awtorlygynda «Bank menejmenti», «Işjeň gatnaşyklar», «Bank töwekgelçiligi we onuň ätiýaçlandyrylyşy» okuw kitaplary, «Bank işi boýunça meseleler ýygyndysy» okuw gollanmasy neşir edildi.