Jemgyýeti öwreniş ylymlary
208Kafedranyň professor-mugallymlary taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriň) ählisinde «Türkmenistanyň taryhy», «Psihologiýanyň esaslary», «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary», «Filosofiýa», «Syýasaty öwreniş», «Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» we beýleki dersleri okadýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän içeri we daşary syýasatyny talyp ýaşlaryň hem-de ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça kafedrasynyň professor-mugallymlary tele-radio ýaýlymlarda çykyşlary we tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikleri edýärler, şeýle hem dürli çäreleri guraýarlar.
Kafedrada «Beýik Yüpek ýoly: Türkmenleriň Beýik Parfiýa döwletiniň ykdysady ösüşi» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär we «Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli miras taglymaty» ylmy gurnagy hereket edýär. Ylmy žurnallarda kafedranyň professor-mugallymlarynyň makalalary çap edilýär. Olar ylmy gurnaga gatnaýan talyplaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk edýärler, talyplary halkara we döwlet derejelerinde geçirilýän ders olimpiadalaryna hem-de ylmy işleriň bäsleşiklerine taýýarlaýarlar.