Maglumat tehnologiýalary
230Kafedrada «Işewürlik-informatika» taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar, şeýle-de «Ykdysady informatika» hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) uçurymlary, esasan, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynda, eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýärler. Kafedra boýunça «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary», «Sanly ykdysadyýet», «Ykdysadyýetde maglumat ulgamlary we tehnologiýalary», «Programmirlemegiň esaslary», «Web-programmirleme», «Operasion ulgamlar we amaly programmalar», «Kompýuter torlary», «Kiberhowpsuzlygyň üpjünçiligi», «Web dili», «Java dili», «Programmirlemgiň häzirki zaman tehnologiýalary» we beýleki dersler okadylýar.
«Maglumat tehnologiýalary» kafedrasynyň mugallymlary institutyň internet saýtyny, bilim portalyny, içki toruny döretmek we olaryň maglumat üpjünçiligini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirýärler.
Kafedanyň mugallymlarynyň awtorlygynda «Informatika» okuw kitaby, «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň esaslanýan düşünjeleri», «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary (Tejribe işleri I we II) », «Ykdysadyýetde maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (Tejribe işleri)», «Bizi gurşap alýan geometriýa», «Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan käbir düşünjeler», «HDML dili», «СSS dili» okuw gollanmalary neşir edildi.
Kafedrada «Maglumatlar meýdançasyny döretmegiň tehnologiýalary» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär we «Programmirleýji» ylmy gurnagy hereket edýär. Ylmy žurnallarda kafedranyň mugallymlarynyň makalalary çap edilýär. Olar ylmy gurnaga gatnaýan talyplaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk edýärler, talyplary halkara we döwlet derejelerinde geçirilýän ders olimpiadalaryna hem-de ylmy işleriň bäsleşiklerine taýýarlaýarlar. «Maglumat tehnologiýalary» kafedrasynyň mugallymlary birnäçe patentleriň awtorlary bolup durýarlar.