CAREC okuw maslahaty

69

2025-nji 27-nji fewralynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň “Ykdysady nazaryýet” kafedrasynyň gurnamagynda Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) Merkezi Aziýada Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň (CAREC) institutynyň ylmy işgäriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmen döwlet maliýe institutynda ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2025-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça 2025-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Ýol kartasynyň esasynda mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de telekeçilik düzümleriniň wekilleri bilen geçiriljek duşuşyklaryň Meýilnamasyna laýyklykda geçirildi. Okuw maslahatynyň mowzugy sebitleýin hyzmatdaşlygyň we integrasiýanyň ösmeginde ylmy institutlaryň tutýan ornuna bagyşlandy. Duşuşyga Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. CAREC institutynyň ylmy işgäri öz çykyşynda CAREC sebiti barada umumy maglumat berip, ylmy institutlaryň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösmegine edýän täsiri, şeýle hem CAREC Institutynyň alyp barýan işleri hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada tanyşdyrma görkezip giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýada Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasy sebitde durnukly ösüşi gazanmak we garyplygy aradan aýyrmak boýunça 11 sany agza ýurtlaryň, şeýle hem beýleki degişli halkara guramalaryň hyzmatdaşlygy bolup durýar. Maksatnama 2001-nji ýylda ähli agza ýurtlarynyň gatnaşmagynda döredildi. 

CAREC instituty bilimleri ösdürmek we paýlaşmak arkaly Merkezi Aziýada we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan hökümetara guramadyr. Institutyň merkezi Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Sinszýan Uýgur Awtonom Sebitiniň Urumçy şäherinde ýerleşýär. 2006-njy ýylda CAREC maksatnamasynyň 5-nji Ministrler konferensiýasynda Institutyň düýbüni tutmak barada ylalaşdylar. 2015-nji ýylda Urumçi şäherinde Institut resmi taýdan öz işine başlap, 2017-nji ýylda Hökümetara gurama statusyna eýe boldy. Türkmenistan Hökümetara ylalaşyga 2021-nji ýylda gol çekdi. CAREC instituty on bir sany agza ýurtlar tarapyndan wekilçilik edilýär hem-de bilelikde dolandyrylýar. Olar: Owganystan, Azerbaýjan, HHR, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.

CAREC Instituty sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy we integrasiýany ösdürmek üçin syýasatlary, maksatnamalary we taslamalary düzmekde we durmuşa geçirmekde utgaşyklygy üpjün etmek maksady bilen, 5 (bäş) sany ugruň bilim arabaglanyşygyny üpjün edýär:

  1. ykdysady we maliýe durnuklylygy; 

  2. söwda, syýahatçylyk we ykdysady geçelgeler; 

  3. infrastruktura we ykdysady arabaglanyşyk; 

  4. oba hojalygy we suw üpjünçilik; 

  5. adam ösüşi.

Bu maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin CAREC instituty şu aşakdaky işleri alyp barýar:

- Ylmy-seljeriş işlerini alyp barmak – Institut häzirki wagta çenli 120-den gowrak ylmy-seljeriş işlerini we makalalary öz resmi web sahypasynda “online” görnüşinde çap edýär. Institutyň çärýekleýin makroykdysady syny, ylmy-seljeriş işleri sebit derejesindäki başlangyçlara uly goşandyny goşýar. 

- Gazanylan ylmy we tejribäni paýlaşmak –Geçirilen ylmy-seljeriş işleriniň hasabatlaryny we netijelerini treningleriň, webinarlaryň, tegelek stollaryň şeýle hem tematiki dialoglaryň üsti bilen degişli taraplar bilen öz wagtynda paýlaşmak.

- Hyzmatdaşlyk guramak we gatnaşyklary ýola goýmak- geçirilýän tematiki dialoglary kämilleşdirmek, sebit ýurtlaryny, ylmy institutlary we beýleki gyzyklanýan taraplary öňde duran meseleler boýunça jemlemek üçin esasy gural bolup hyzmat edýär we bu taraplaryň degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegini üpjün edýär.


        Ýüklemek

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309