Erasmus okuw
69Türkmen döwlet maliýe instituty Ýewropa Bileleşiginiň ERASMUS + maksatnamasynyň «Dolanyşyk ykdysadyýeti we durnukly ösüş çygrynda innowasion okuw maksatnamalaryny we modullaryny işläp taýýarlamak» (CirculEC) atly taslama gatnaşýar.
Taslamanyň meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-ne D.Serikbaýew adyndaky Gündogar Gazagystan Döwlet Tehniki Uniwersiteti tarapyndan Merkezi Aziýa sebitiniň gyzyklanýan taraplary üçin seminar geçirildi.
Seminaryň maksady: Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw prosesine dolanyşyk ykdysadyýeti ugry boýunça okuwy ýola goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Geçirilen seminara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Ş.Ulihanow adyndaky Kokşetau uniwersitetiniň, Taşkentiň Merkezi Aziýa uniwersitetiniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň we hususy telekeçiniň wekilleri gatnaşdylar. Seminaryň dowamynda Ş.Ulihanow adyndaky Kokşetau uniwersitetiniň we Daşkendiň Merkezi Aziýa uniwersitetiniň wekilleri, geçiren zerurlyklaryň seljermesiniň netijeleri barada hasabat berdiler. Seljermäniň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilim prosesine dolanyşyk ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça esasy ugurlary kesgitlenildi.