Maliýe howpsuzlygy

286

Türkmen döwlet maliýe institutynyň Baş binasynyň Sanly okuw otagynda Maliýe howpsuzlygy boýunça 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryndan 4-nji oktýabry aralygynda geçiriljek IV Halkara Olimpiadasynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin gysga möhletli okuwlar guraldy. Bu halkara Olimpiadasyna Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2 talyby gatnaşar.

Maliýe howpsuzlygy boýunça gysga möhletli 2024-nji ýylyň 2-13-nji sentýabry aralygynda halkara bilermeni Daniýar Sarbagişew tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Gysga möhletli okuwlaryň maksady Maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara Olimpiadasyna gatnaşjak talyplaryň arasynda halkara ülňüleri baradaky öňdebaryjy tejribeleri babatda habardarlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Geçirilen okuwlaryň materiallary Türkmen döwlet maliýe institutynyň  internet portalyna ýerleşdirildi. Şol materiallar peýdalanyjylar üçin elýeterlidir. 

Gysga möhletli okuwlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi  gullugy, Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugy ýakyndan ýardam bermeginde guraldy.

2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Maliýe howpsuzlygy boýunça geçirilen onlaýn okuwlar boýunça Google Forms platformasynda talyplar jemleýji testi üstünlikli tabşyrdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309