Hakaton - Maglumat ulgamyny kämilleşdirmek

1251
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde talyp ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň, Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Maglumat ulgamyny kämilleşdirmek» atly Hakaton görnüşli bäsleşigini geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip düzüldi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde Hakaton bäsleşiklerini geçirmegiň Terbinine laýyklyda Türkmen döwlet maliýe instituty tarayndan geçiriljek bu Hakaton görnüşli bäsleşik ýurdumyzda bilim alýan talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak , olaryň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak we işläp taýýarlamalaryny ýüze çykarmak ugrunda edilýän işlere goşant goşar.
Hakatony guramak, geçirmek we onuň netijelerini bahalandyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzüminde çözgütleri bahalandyryş topary döredilip, onuň düzümi institutyň professor-mugallymlaryndan düzülýär. Guramaçylyk topary bu Hakaton bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça işleri alyp barýa, ýagny:
1. Hakaton döwlet dilinde geçirilýär. Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1-na sagat 10:00-da online görnüşinde geçirilýär.
2. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ne çenli şu Düzgünnamanyň goşundysyna laýyklykda bäsleşigi guraýan Türkmen döwlet maliýe institutynyň info@tdmai.edu.tm korporatiw elektron poçtasyna ugradylmaly. Her bir gatnaşýan talyp bellenen tertipde hasaba alnar..
3. Hakatonyň dowamlylygynyň 3 sagat.    
4. Hakatonda 1-nji, 2-nji we 3-nji baýrakly orunlary eýelän toparlar emin agzalarynyň topary tarapyndan bellenilen bahalandyrma usulyna laýyklykda kesgitlenilýär.   
5. Hakaton bäsleşiginiň netijesinde ýeňiş gazanan toparlara diplomlar we sowgatlar gowşurylýar. 
6. Hakaton bäsleşiginiň netijeleri Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi saýtynda (https://tdmai.edu.tm) ýerleşdiriler.

Paýlaş

Maliýe howpsuzlygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309