Özbegistan Respublikasy
382024-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-20-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň düzüminde Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe kafedrasynyň uly mugallymy Şöhrat Bäşimow Daşkendiň irrigasiýanyň inženerler we oba hojalygynyň mehanizasiýasy institutynda geçirilen Tempus (1994–2014) we Erazmus+ (2014–2024) maksatnamalarynyň çäginde Ýewropa Bileleşigi bilen Özbegistanyň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Erasmus+ maksatnamasynyň ýokary bilimi kämilleşdirmek boýunça bilermenleriň milli toparynyň halkara maslahatyna gatnaşdy.
Maslahatyň maksady tejribe alyşmakdan, innowasiýa usulyýetleri, üstünlikleri, ugurlary we meseleleri barada bilim başarnyklary paýlaşmakdan, ýokary bilimiň ösüşiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, ýokary bilimi kämilleşdirmek boýunça bilermenleriň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemlemekden we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Maslahata Özbegistan Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Erazmus + milli wekilhanalary we Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň ýokary bilimi kämilleşdirmek boýunça bilermenleri, mugallymlary, doktorantlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahat Özbegistan Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministri Şaripow Kongratbaý Awezimbetowiçiň gutlag sözi bilen başlandy. Ondan soň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe kafedrasynyň uly mugallymy Şöhrat Bäşimow “Halkaralaşma we sanlaşdyrma kontekstinde Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamyny ösdürmek” barada doklad bilen çykyş etdi. Doklad Türkmenistanyň häzirki zaman ýokary bilim ulgamyna bagyşlanyp, dokladyň mazmunynda Türkmenistanda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýokary bilim pudagyndaky möhüm özgertmeler, täze başlangyçlar, konsepsiýalar jemlenýär. Şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri öz dokladlary bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar sebitde ýokary bilim ulgamlaryny ösdürmek, okuw meýilnamalaryny täzelemek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sebitleýin taslamalary döretmek mümkinçiligi barada özara pikir alyşdylar. Şeýle hem sebitiň intellektual we ylmy potensiallaryny ösdürmek maksady bilen bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan buýana-da işjeňleşdirmek boýunça birleşmek meselesine seredildi. Bu ýygnak tejribe alyşmak, täze çözgütler tapmak we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.