Finlýandiýa Respublikasy

211

Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýe» kafedrasynyň uly mugallymy Şöhrat Bäşimow Ýewropanyň Bilim we Medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentliginiň (EACEA) Ýokary bilim reformasy boýunça bilermenleri goldamak we öňe sürmek (SPHERE) konsorsiumy bilen bilelikde guran Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 3-4-nji sentýabry aralygynda Finlýandiýa Respublikasynyň Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetinde geçirilen «Innowasiýalary hem-de durnukly ekoulgamy häzirki döwürde we geljekde iş bilen üpjün etmek üçin uniwersitetler bilen senagatyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek» atly okuw maslahatyna gatnaşdy. 

Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda Finlýandiýa Respublikasynyň Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary giriş sözleri bilen çykyş edip, okuw maslahatynyň işiniň şowly bolmagyny arzuw etdiler. Geçirilen «Innowasiýalary hem-de durnukly ekoulgamy häzirki döwürde we geljekde iş bilen üpjün etmek üçin uniwersitetler bilen senagatyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek» atly okuw maslahatynda Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetiniň tekstil, durmuş we lukmançylyk wirtual laboratoriýalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem Işewürlik we media mekdebiniň direktory doktor Niina Jallinoja «Şü günki we geljekki iş orunlary üçin bilim» atly temasy boýunça toparlaýyn çekişmeleri geçirdi. Çekişmeleriň dowamynda gatnaşyjylar bu mesele bilen baglanyşykly öz pikirlerini aýtdylar.

Okuw maslahatda Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetiniň hususy pudak bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary, üznüksiz hünär ösüşiniň ähmiýeti, ekoulgamynyň aýratynlyklary, zähmet durmuşda pedagogik başarnyklary, ýokary okuw mekdepleriniň senagat bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde merkezleşdirilen bilermenleriň (ekspertleriň) goldaw ulgamynyň deslapky ylmy barlaglaryň alnyp barlyşy barada beýan edildi hem-de degişli meseleler ara-alnyp maslahatlaşyldy.


Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309