Gyrgyzystan Respublikasy
30“Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek: bilelikdäki maksatnamalar, ylmy barlag we akademiki işjeňlik" atly halkara maslahaty
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 23-24-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň düzüminde Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy Şöhrat Bäşimow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Habib Halmamedow we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy Arslan Matkarimow Gyrgystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen “Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek: güýçlendirmek: bilelikdäki maksatnamalar, ylmy barlag we akademiki işjeňlik" atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Maslahata ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we ylmy işgärleri, ýokary bilim boýunça bilermenler we Merkezi Aziýanyň Erazmus + milli wekilhanalary, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň bilim we ylmy-barlag edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň maksatlary halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, gatnaşyjylara halkara akademiki hyzmatdaşlygyny netijeli ýola goýmaklyga ýardam bermekden; okuw meýilnamalary we maksatnamalary kämilleşdirmekden; ylmy potensiýaly güýçlendirmekden; bilim usullaryny kämilleşdirmekden: inowasion pedagigiki çemeleşdirmeleri ornaşdyrmakdan we berkitmekden; talyplaryň akademiki hereketliligini we global başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan; akademiki maksatnamalara we ylmy taslamalara durnukly ösüş we ekologiýa temalary girizmekden ybaratdyr.
Maslahat Gyrgystan Respublikasynyň bilim we ylym ministrliginiň wekiliniň gutlag sözi bilen başlandy. Maslahatyň dowamynda Global syýasat gepleşikleri we Bolon prosessini durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy toparyň wekili Enn Ketrin Aýzeks, Grats uniwersitetiniň (Awstriýa) wekili professor Uilriek Krawanýa we Daşkentiň irrigasiýanyň inženerler we oba hojalygynyň mehanizasiýasy institutynyň halkara reýting bolümiň başlygy dokladlary bilen çykyş etdiler. Çykyşlar Merkezi Aziýa uniwersitetlerinde durnukly ösüşiň maksatlaryna, halkara ýokary bilimindäki mümkinçiliklere we global tendensiýalara hem-de innowasion we özara baglanşykly maksatnamalary taýýarlamaga bagyşlandy.
Şeýle hem gatnaşyjylar sebitde ýokary bilim ulgamlaryny ösdürmek, okuw meýilnamalaryny täzelemek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sebitleýin taslamalary döretmek mümkinçiligi barada özara pikir alyşdylar. Şeýle hem sebitiň intellektual we ylmy potensiallaryny ösdürmek maksady bilen bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan buýana-da işjeňleşdirmek boýunça birleşmek meselesine seredildi. Maslahata gatnaşyjylar taslamalaryň gazanylan netijelerini saklamagyň zerurlygyny we hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiki görnüşlerine geçmekligini bellediler. Bu ýygnak tejribe alyşmak, täze çözgütler tapmak we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.