Hindistan Respublikasy

48

Hindistan Respublikasynyň Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde Hindi daşary söwda institutynda Bütindünýä söwda guramasynda we halkara söwdasynda ýüze çykýan meseleler boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy Ruslan Jumaýew 2025-nji ýylyň 4-15-nji fewraly aralygynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Hindi daşary söwda institutynda Bütindünýä söwda guramasynda we halkara söwdasynda ýüze çykýan meseleler boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahatyna dünýäniň 15-e golaý döwletinden 20-den gowrak wekil gatnaşdy. Ýöriteleşdirilen okuw maslahatynda degişli ylmy-barlag edarasynyň professorlary, Hindistanyň söwda ulgamynda zähmet çekip, Bütindünýä Söwda guramasynda köp ýyllaryň dowamynda işlän görnükli diplomatlar, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Nýu Deli şäherindäki edarasynyň wekilleri we beýleki alymlar çykyş etdiler. Olar ýöriteleşdirilen okuwlarda Bütindünýä Söwda guramasynyň taryhy, onuň döredilmeginiň ähmiýeti, guramanyň çäklerindäki köptaraplaýyn resminamalar, agza döwletleriniň hukuklary, ösüp gelýän döwletler üçin mümkinçilikler, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda halkara söwdasynyň orny, hyzmatlaryň halkara söwdasynyň ugurlary hem-de bu ugurda Hindistanyň tejribesi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Okuwyň çäklerinde gatnaşyjylaryň çykyşlary hem diňlenildi. Ýöriteleşdirilen okuw maslahatynyň çäklerinde R.Jumaýew Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasat barada, hususan hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, döwletimiziň ykdysady ösüşleri we halkara hyzmatdaşlygy barada multimediýa enjamlaryndan peýdalanyp, tanyşdyrma bilen çykyş etdi. Türkmen Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygy hem aýratyn bellenildi. Mundan başga-da, okuwlaryň arasynda Hindistanyň taryhy künjeklerine syýahatlar hem gurnaldy. 

Hindistan Respublikasynyň Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde Hindi daşary söwda institutynda Bütindünýä söwda guramasynda we halkara söwdasynda ýüze çykýan meseleler boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara halkara derejeli sertifikatlar gowşuryldy hem-de gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin degişli hökümetlere minnetdarlyk bildirildi.

Bilim işgärleriniň halkara hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna hemmetaraplaýyn döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başy aman, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309