Ylmy-amaly maslahatlaryň tertibi
182Türkmen döwlet maliýe institutynda ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli, şeýle hem kafedralaryň guraýan hepdelikleriniň çäklerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.
Ylmy-amaly maslahatlarda Türkmen döwlet maliýe institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem aspirantlar, doktorantlar, hünärmenler alyp barýan ylmy temalaryndan çykyşlary edýärler.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary beýleki ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara gatnaşyp, ýerine ýetirýän ylmy temalaryndan çykyş edýärler.
Türkmen döwlet maliýe institutynda 2024-nji ýylyň dowamynda aşakdaky ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirildi:
Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar. Professor-mugallymar we talyplar wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly onlaýn tertipde daşary ýurtlaryň guraýan ylmy maslahatlaryna, simpoziumlaryna hem işjeň gatnaşyp, ýerine ýetirýän ylmy temalaryndan çykyşlary edýärler.