Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary

85

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI


TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY



«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadasyna


ÇAKYLYK


Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys. 

Olimpiadanyň resmi dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Olimpiada talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler.

Olimpiada okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.

Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenilýär.

Olimpiada bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň

http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.

Olimpiada gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji Goşunda laýyklykda 2024-nji ýylyň 15-nji oktýabryna çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň info@tdmai.edu.tm elektron poçtasyna iberilmeli.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 12 49 25 91, +993 65 65 12 44, +993 65 01 74 85


Ýüklemek - TDMaI_MHHS_Düzgünnama.pdf


Olimpiadanyň guramaçylyk topary


Gatnaşyjylar

«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylar

NoÝokary okuw jaýyGatnaşýan talyplaryň sanyArzanyň bellige alnan senesi
1Gazagystanyň Alyjylar jemgyýetiniň Garaganda uniwersiteti614.10.2024
2Türkmen döwlet maliýe instituty409.10.2024
3Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty412.10.2024
4Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty414.10.2024
5Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty414.10.2024
6Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy414.10.2024
7Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty414.10.2024
8Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty414.10.2024
9Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty414.10.2024
10Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty415.10.2024
11Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz Uniwersiteti415.10.2024
12Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti415.10.2024
13S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti415.10.2024
14Türkmenistanyň Serhet instituty415.10.2024
15Täjik döwlet täjirçilik uniwersiteti415.10.2024
16Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti415.10.2024
17Nowaýy döwlet dag-tehnologik uniwersiteti115.10.2024
18G.W.Plehanow adyndaky Rus ykdysady uniwersiteti516.10.2024
19Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty416.10.2024
20Türkmen oba hojalyk instituty416.10.2024
21Nukus Innowasiýa Insituty316.10.2024
22Samarkant ykdysadyýet we hyzmat instituty516.10.2024
23Mirzo Ulugbek adyndaky Özbegistanyň milli uniwersiteti316.10.2024
24Daşkent döwlet ykdysady uniwersitetiniň Samarkand şahamçasy416.10.2024
25Buhara döwlet uniwersiteti416.10.2024
26Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti416.10.2024

Netijeler
Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça 2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda geçirilen Açyk halkara internet olimpiadasynyň netijeleri

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309