Ýaşasyn parahat durmuş
151TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY
«Ýaşasyn parahat durmuş!» atly ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine
ÇAKYLYK
Türkmen döwlet maliýe instituty, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu bäsleşigiň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys.
Bäsleşigiň resmi dili – türkmen dilidir.
Döredijilik bäsleşigi talyplaryň arasynda geçiriler.
Bäsleşige okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 2-den (ikiden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.
Bäsleşigiň ýeňijileri makala ýazmagyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
Bäsleşik bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň
http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.
Bäsleşige gatnaşyjylar baradaky maglumatlar Düzgünnama laýyklykda 2025-nji ýylyň 01-nji oktýabryna çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň info@tdmai.edu.tm elektron poçtasyna iberilmeli.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon: +993 12 49 25 91, +993 61 66 36 06.
Guramaçylyk topary.