Bitaraplyk ýoly-parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

464

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY


«Bitaraplyk ýoly-parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly» atly ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek onlaýn bilim bäsleşigine 

ÇAKYLYK


Türkmen döwlet maliýe instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 2025-nji ýylyň 17-njy martynda «Bitaraplyk ýoly-parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly» atly onlaýn bilim bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu bäsleşigiň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys. 

Bäsleşigiň resmi dili – türkmen dilidir.

Bilim bäsleşigi talyplaryň arasynda geçiriler.

Bäsleşige okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 5 (bäş) talyp gatnaşyp biler.

Bäsleşigiň ýeňijileri sanly ulgam arkaly kesgitlenilýär.

Bäsleşik bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň

http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.

Düzgünnamany ýüklemek

Bäsleşige gatnaşyjylar baradaky maglumatlar Düzgünnama laýyklykda

2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli guychmyratsoltanmyradow@gmail.com elektron poçtasyna iberilmeli.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 65 55 33 66; +993 65 41 00 55


Netijeleri ýüklemek


Guramaçylyk topary.


Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309