Türkmenistan — Bitaraplyk mekany
130TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY
«Türkmenistan — Bitaraplyk mekany» atly ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryň arasynda geçiriljek
goşgy ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine
ÇAKYLYK
Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 2025-nji ýylyň 17-nji maýynda «Türkmenistan — Bitaraplyk mekany» atly goşgy ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu bäsleşigiň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys.
Bäsleşigiň resmi dili – türkmen dilidir.
Döredijilik bäsleşigi talyplaryň arasynda geçiriler.
Bäsleşige okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 5-den (bäşden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.
Bäsleşigiň ýeňijileri goşgy ýazmagyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
Bäsleşik bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň
http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.
Bäsleşige gatnaşyjylar baradaky maglumatlar Düzgünnama laýyklykda 2025-nji ýylyň 01-nji maýyna çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň info@tdmai.edu.tm elektron poçtasyna iberilmeli.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon belgi: +993 12 49 25 91, +993 61 66 36 06.
Guramaçylyk topary.