Taryh şu ýerden başlanýar

126

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY


«Taryh şu ýerden başlanýar» atly talyp ýaşlaryň arasynda geçiriljek esse ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine

ÇAKYLYK


Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplaryny 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda «Taryh şu ýerden başlanýar» atly esse ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu bäsleşigiň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys. 

Bäsleşigiň resmi dili – türkmen dilidir.

Döredijilik bäsleşigi talyplaryň arasynda geçiriler.

Bäsleşige okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her okuw mekdebinden 5-den (bäşden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.

Bäsleşigiň ýeňijileri esse ýazmagyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

Bäsleşik bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň

http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.

Bäsleşige gatnaşyjylar baradaky maglumatlar Düzgünnama laýyklykda 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň info@tdmai.edu.tm elektron poçtasyna iberilmeli.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 12 49 25 91, +993 61 66 36 06.



Guramaçylyk topary.


Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309