Bakalawr maksatnamasy

410

Türkmen döwlet maliýe institutynda hereket edýän bakalawr maksatnamasyna laýyklykda, «Ykdysadyýet we dolandyryş» ugrunyň şu aşakdaky taýýarlyk ugurlary boýunça ýokary bilimli işgärler taýýarlanylýar:  

  1. Maliýe;

  2. Halkara maliýe;

  3. Maliýe gözegçiligi;

  4. Maliýe menejmenti;

  5. Maliýe we karz;

  6. Bank işi we pul dolanyşygy;

  7. Maliýe bazarlary we banklar;

  8. Salgytlar we salgyt salmak;

  9. Töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi;

  10. Işewürlik-informatika; 

  11. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit;

  12. Birža işi.

Türkmen döwlet maliýe institutynda bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň bakalawr taýýarlyk ugurlaryna Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda  bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň bakalawr taýýarlyk ugurlaryna okuwa girmeklige isleg bildiren dalaşgärler tarapyndan tabşyrylmaly resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;  

  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 

  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); 

  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 

  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 

  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

  • pasportyny; 

  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär. 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.


Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 49-61-99, 49-07-92.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi (education.gov.tm)

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309