Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili
396TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY
«Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili» dersinden talyplaryň arasynda geçiriljek onlaýn test bäsleşigine
ÇAKYLYK
Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde «Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili» dersinden talyplaryň arasynda onlaýn görnüşinde geçiriljek test bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu bäsleşigiň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys.
Onlaýn test bäsleşiginiň resmi dili – iňlis dilidir.
Onlaýn test talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler.
Onlaýn test bäsleşigine okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 5-den (bäşden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.
Onlaýn test bäsleşiginiň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenilýär.
Bäsleşik bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň
http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.
Onlaýn test bäsleşigine gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji Goşunda laýyklykda 2025-nji ýylyň 10-njy apreline çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň Guramaçylyk toparynyň garatayewaguljan83@gmail.com elektron poçtasyna iberilmeli.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon: +993 63 22 97 01, +993 62 43 87 78.
Guramaçylyk topary.