Taslama bäsleşigi

341

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTYNYŇ GURAMAGYNDA «MALIÝE SOWATLYLYGY BOÝUNÇA IT-TASLAMALARYNYŇ» BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek babatynda bimöçber işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Sanly ykdysadyýetiň» meselelerini öz içine gurşap alýan soraglar boýunça bäsleşikler yzygiderli esasda geçirilip durýar.

Şunuň ýaly bäsleşikleriň geçirilmegine Türkmen döwlet maliýe instituty hem öz goşandyny goşýar. Ýakynda (01.12.2022) Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Maliýe sowatlylygy boýunça IT-taslamalarynyň» bäsleşigi geçirildi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň maliýe sowatlylygyny we döredijilik ukyplaryny artdyrmak, innowasion häsiýetli taslamalary işläp taýýarlamak babatynda olaryň bilimlerini, başarnyklaryny we ukyplaryny ösdürmek şu bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar.

«Maliýe sowatlylygy boýunça IT-taslamalarynyň» bäsleşigi esasan iki ugur boýunça geçirilip, onuň birinji ugrunda maliýe-bank we söwda ulgamy boýunça IT-taslamalar hödürlendi. Bu ugurda, esasan, sanly intellektual tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň düzülmegi, olaryň maliýe-bank we söwda edaralaryna (kärhanalaryna) ornaşdyrylmagyna, bank, ätiýaçlandyryş we beýleki maliýe hyzmatlarynyň hem-de söwda dolanyşygynyň kämilleşdirilmegine esaslanýan taslamalaryň (programma üpjünçilikleriň) döredilmegini gazanmaga, internet (WEB) ulgamy arkaly harytlary satyn almak-satmak, maliýe we bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ýaly işleriň kämilleşdirilmegine degişli taslamalara seredildi.

Bäsleşigiň ikinji ugry maliýe sowatlylygyny mahabatlandyrýan meseleler babatynda iň gowy wideoýazgylary, suratlary we tanyşdyryşlary ýüze çykarmak boýunça geçirildi.

Bäsleşige Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Türkmen döwlet maliýe institutyndan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan, Türkmen döwlet medeniýet institutyndan, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan höwesjeň talyplaryň jemi 22 sany taslamasy hödürlendi.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, bäsleşigiň birinji ugry boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Berdiýew Sapardurdy, Akyýew Ahmet, Ataýew Abdyleziz, Ataýew Muhammetmyrat özleriniň “Türkmenistandaky banklaryň sanly ulgam arkaly işlerini goragly we ýeňil ýerine ýetirmek usuly” atly taslamalary bilen I orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ataýew Myratguly özüniň bank ulgamynyň hyzmatlaryny sanlylylaşdyrmakda «Bank hyzmatlary» atly web saýtynyň mümkinçilileri atly taslamasy bilen II orna hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Alymow Muhammetnazar “Kompýuter we kompýuter tehnikalarynyň elektron dükany” atly taslamasy bilen III orna mynasyp boldular.

Şol bir wagtyň özünde bäsleşigiň ikinji ugry boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Rustamowa Şasoltan, Annasaryýew Parahat, Ataýewa Nurana özleriniň “Ulagda awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy” atly taslamalary bilen I orna, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Babamuradowa Gözel özüniň “Maşgala býujeti” atly taslamasy bilen II orna, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Halmuhammedowa Oguljeren özüniň “SAÝLA” atly programmanyň taslamasy bilen hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Durdyýewa Mähri özüniň “Süýşürintgiler we goýumlar” atly taslamasy bilen üçinji orna eýe boldular.

Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan bäsleşikde tapawutlanyp, I, II we III orunlary eýelän zehinli talyp ýaşlara Diplomlar, oňat netijeleri gözkezen talyplara Hormat hatlary hem-de bäsleşige gatnaşan her bir talyba gymmat bahaly sowgatlar gowşyryldy.

Paýlaş

19/12/2024

Woleýbol

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji

19/12/2024

Woleýbol

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji

19/12/2024

Milli göreş

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji

19/12/2024

Futbol

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309