Matematika
274Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde ýaşlaryň tebigy zehinini, başarnyklaryny, şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmaklyga we ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran 23 belgili buýrugy bilen tassyklanan Tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda 2024-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Matematika» dersinden olimpiada geçirildi.
Mekdep okuwçylary bu olimpiadanyň örän gyzykly ýumuşlary bilen ýatda galandygyny bellediler. Olimpiadanyň netijesinde ýeňiş gazanan okuwçylara Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan I, II, III derejeli Diplomlar gowşuryldy.