Atajanowa Selbi
326Selbi Atajanowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Bank işi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallary netijesinde ýaşlaryň saýlap alan hünäri boýunça okamaklary, işlemekleri, hem-de döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy toýlanýan günlerinde Türkenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çykaran 1127-nji kararyna laýyklykda, Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda geçirilen «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri yglan edildi. Bu bäsleşikde «Iň gowy goşgular we poemalar üçin» ugry boýunça maňa ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Munuň üçin, Türkmen döwlet maliýe institutynyň Bank işi fakultetiniň bagtyýar talyby hökmünde Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlary aýdýaryn.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz jemgyýetimiziň esasy sütüni bolan biz – ýaşlara uly ynam bildirýär. Şonuň üçin geljekde-de eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini wasp edýän eserleri döretjekdigim barada ynandyrmak isleýärin.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt ähmiýetli beýik işleri dowamat dowam bolsun!