Meredow M

177


Meredow Mered Repowiç,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 

Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit kafedrasynyň 

uly mugallymy


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyn barýan içeri we daşary syýasatlary, durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri esasynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ýokary netijeler gazanylýar.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Taryhy maslahatda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz özleriniň çykyşlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ýetilen sepgitler, durmuşa geçirilen bimöçber işler, öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin beýan etdiler. Şol wezipeleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerine ösüş goşar, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy üpjün eder.

Şeýle şanly wakalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyňmukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çykaran 446-njy Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen raýatlarymyzyň ençemesi sylaglandylar. 

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň maňa hem gowşurylmagy buýsançly başymy göge ýetirdi. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlary aýdýaryn. Çeken ujypsyzja zähmetime ýokary baha berilmegi ýokary hünär mekdebiniň mugallymy hökmünde meniň öňümde uly jogapkärçiligi goýýar. Şu şatly pursatda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary bilimli ykdysatçy hünärmenleri taýýarlamak üçin talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek, olary ylma çekmek boýunça gujur-gaýratymy we zähmetimi gaýgyrmajakdygym barada Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.

Goý, Berkarar döwletimizi ösdürmek we halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! 

Paýlaş

14/10/2024

THE WUR 2025

Times Higher Education World University Ranking 20252024-nji ý

30/09/2024

Meredow M

Meredow Mered Repowiç,Türkmen döwlet maliý

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309