Öwlýägulyýew M

265


Öwlýägulyýew Meretguly,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdirniň w.ý.ý., 

taryh ylymlaryň kandidaty, professor,

“Hormatly il ýaşulusy”

Çuňňur hormatlanýan mertebesi belent Prezidentimiz! Arkadagly Gahryman Serdarymyz Siz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde bitirýän işlerimizi  hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändigimi nazara alyp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň  şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtyguly Pyragy” ýylynda maňa döwlet sylagyny “Hormatly il ýaşulusy” diýen şa serpaýyny ýapdyňyz.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Munuň özi Siziň ýaşuly nesle goýýan belent sarpaňyzdyr! 

Biz ýaşulular öz gezegimizde ösüp gelýän ýaş nesillerimizi Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimiz  Size, Gahryman Arkadagymyza wepaly kämil yaşlary  ýetişdirmekde gujur-gaýratymyzy mundan beýläkde hem gaýgyrmajakdygymyza Sizi tüýs ýürekden ynandyrýarys.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Mertebesi belent Prezidentimiz Sizi, ähli halkymyzy ýurdumyzyň ýaşuly nesliniň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  şanly 33  ýyllyk baýramy bilen  gyzgyn gutlaýaryn!

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, belent  başyňyz aman bolsun!

Il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleriňyiz diňe rowaçlyklara beslensin!


Paýlaş

14/10/2024

THE WUR 2025

Times Higher Education World University Ranking 20252024-nji ý

30/09/2024

Meredow M

Meredow Mered Repowiç,Türkmen döwlet maliý

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309