THE WUR 2025
196Times Higher Education World University Ranking 2025
2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Beýik Britaniýanyň “Times Higher Education” agentligi tarapyndan Bütindünýä Uniwersitetleriň Reýtinginiň 2025-nji ýyl üçin (World University Ranking 2025) netijeleri neşir edildi. THE World University Ranking – bu dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň reýtingleriniň biridir. Şu ýyl reýtingiň düzümine girýän ýokary okuw mekdepleriň sany ýene-de köpeldi. World University Ranking 2025-e 115 ýurtdan (we sebitlerden) jemi 2092 uniwersitet girdi hem-de geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 185 gatnaşyjy köp hasaba alyndy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingine goşulmak barada berýän möhüm tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işleriň netijesinde Türkmen döwlet maliýe institutynyň «habarçy» derejesi (statusy) bilen, 2025-nji ýylyň Times Higher Education World University Ranking (WUR) reýtingine goşuldy.
“Times Higher Education” (THE) dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň reýtingini täze WUR 3.0 usulyýetine görä hasaplaýar. Ýeri gelende aýtsak, THE World University Ranking dünýäde iň täsirli reýtingiň biridir. Ol bilimiň ýokary basgançagynyň hilini açyp görkezmek üçin 5 sany topara jemlenen 18 sany görkeziji esasynda dünýäniň uniwersitetleriniň reýtingini kesgitleýär. Olar:
1. Mugallymçylyk (Teaching);
2. Ylmy-barlag gurşawy (Research environment);
3. Ylmyň hili (Research quality);
4. Uniwersitetleriň halkaralaşma derejesi (International outlook);
5. Senagat bilen gatnaşygy (Industry engagement) ýaly görkezijileriň jemlenen toparlarydyr.
Reýtingi düzmek üçin maglumatlar 3 çeşmeden ýygnalýar. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriň statistik maglumatlary, Scopus bibliometrik maglumatlar binýady we akademik hünärmenleriň soraglara beren jogaplarydyr.
Mälim bolşy ýaly, Times Higher Education World University Ranking – Türkmen döwlet maliýe institutynyň goşulan dördünji halkara reýtingidir. Geljek ýyllarda hem halkara reýtinglerde institutymyzyň mynasyp orny eýelemegi maksady bilen, Scopus we WoS ýaly halkara indeksli žurnallarda çap etmek üçin hödürlenilýän ylmy makalalaryň, tezisleriň sanynyň artmagy boýunça işler alnyp barylýar.