TALYPLARYŇ HALKARA DEREJELI ÜSTÜNLIGI
169TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY
TALYPLARYŇ HALKARA DEREJELI ÜSTÜNLIGI
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-25-nji aprelinde geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşynyň açylyş dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi. Onuň dowamynda ýaryşda ýeňiş gazanan we baýrakly orunlary eýelän türgenlere medallar, şahadatnamalar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy. Pälwanlarymyzyň gazanan ýeňşiniň şanyna Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanyp, Watanymyzyň ýaşyl tugy dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy. Elbet-de, şular ýaly taryhy wakanyň şaýady, aýratynam sport ýaryşyna şahsy goşandyny goşup, türkmen Tugumyzy belentden parladan türgenlerimiziň arasynda Türkmen döwlet maliýe institutymyzyň bagtyýar talyplarynyň bolmagy buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Annagurban ALLABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby:
— «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 22-25-nji aprelinde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde sportuň türkmen milli we guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden onlarça türgenler gatnaşdy. Men bu ýaryşa sportuň iki görnüşi boýunça hem gatnaşdym. Sportuň milli göreşi bilen men kiçiligimden meşgullanyp gelýärin. Sportuň bu görnüşi boýunça dürli ýurtlarda geçirilýän ençeme iri halkara ýaryşlara gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärin. Aşgabatda geçirilen şu gezekki ýaryş hem maňa özboluşly tejribe boldy. Men hem halkara ýaryşda 90 kilograma çenli agramda milli göreş we guşakly alyş görnüşleri boýunça tutluşyklary geçirip, iki sport görnüşindenem, baýrakli birinji orna, altyn medala eýe bolmagy başardym. Bu bolsa meni täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun, sport diplomatiýasyny dabaralandyrýan döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin.

Kerwengeldi JUMAGYLYJOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby:
— Eziz Diýarymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, guşakly alyş görnüşi hem okgunly ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 22-25-nji aprelinde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde sportuň guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy gyzgalaňly ýagdaýda üstünlikli geçirildi. Men ozal hem sportuň alyş görnüşi boýunça ýaryşlara birnäçe gezek gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarypdym.
Guşakly alyş göreşi diňe bir sport görnüşi bolman, eýsem, milli gymmatlyklarymyzyň we däplerimiziň dowam etdirilmegidir. Men bu halkara ýaryşa guşakly alyş göreşi boýunça 80 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşyp, kümüş medal gazandym. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bilen sylaglanmagym talyp başymy göge ýetirdi. Biz ýaşlara yzygiderli kämilleşip, uly üstünlikleri gazanmak üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun.