«Ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde bilimiň eýeleýän orny» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

41
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýän “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli 2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmen döwlet maliýe institutynda «Ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde bilimiň eýeleýän orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 
Ylmy-amaly maslahatda professor-mugallymlar we talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ähmiýeti, döwrebap bilim edaralarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bilimiň sanlylaşdyrylyşy, okatmagyň hiliniň kämilleşdirilişi, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi, bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilişi dogrusynda, şeýle hem Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň temalaryndan çykyşlary etdiler.  

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309