BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

46
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

1-nji sentýabr – bilim ýolunyň täze sahypasy! Bu sahypa talyp ýaşlara täze arzuwlaryň, täze maksatlaryň, täze üstünlikleriň gapysyny açýar. Şol arzuwlary wysala, maksatlary myrada gowuşdyrmak üçin hyjuw döredýär.
Türkmen döwlet maliýe institutymyzda hem altyn güýzüň ilkinji gününde 2025/2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara «Bilimler we talyp ýaşlar» güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň bilim işgärlerine, talyp ýaşlara ugradan Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz iberen Gutlagynda «Ýaşlar biziň abraýymyz hem-de buýsanjymyzdyr» diýip buýsançly belleýär. Çünki arkasynda ýurdy, mähriban ili, Gahryman Arkadagy, hormatly Prezidenti duran ýaşlaryň ýüreginde belent maksat, gözlerinde dogum bar. Şeýle belent ynam bilen bitirilmejek iş, ýetilmejek menzil bolmaz. Hut şonuň üçin hem döwletden arkaly bagtyýar ýaşlaryň gadamlary ynamly, gaýratlary daş ýarýar. 
Baýramçylyk dabarasynda halypa mugallymlaryň gutlag sözleri 1-nji ýyl talyplaryň buýsançly çykyşlary bilen özara utgaşyp, bilimler gününiň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň ýürek buýsançlary, ilkinji jaň sesiniň astynda olaryň bilim ýoluna gadam goýuşlary we parahatçylygymyzyň buşlukçysy — ýaşyl Tugumyza tagzym edip, institutyň gapysyndan ilkinji ädimlerini ätmekleri dabara gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
1-nji sentýabr gününiň dabarasynda ýokary döredijilik galkynyşyny alamatlandyrýan institutyň «Bagtyýarlyk joşguny» aýdym-saz topary Watanymyzyň ösüşlerine bagyşlanan aýdymlary bilen döwrüň joşgunyny alamatlandyrdy.
Çünki bu zaman beýik maksatlaryň rowaçlanýan zamany. Bu zaman älem haýran Watanymyzda ýaşlaryň galkynýan zamany. Şeýle döwletli döwrany bagyş edendigi üçin nurana ertirlere batly gadamlar bilen barýan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir!

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309