«Ýaşasyn parahat durmuş!»
8Şu gün Türkmen döwlet maliýe institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda at gazanan žurnalistleriň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen ýaşlaryny Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda milli ruhda terbiýelemek, olarda watansöýüjilik, agzybirlik, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny ösdürmek, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak, olarda bilimiň ähli görnüşleri boýunça düşünjelerini has-da artdyrmak hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Bu bäsleşige ýurdumyzyň 9 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 14 sany makala kabul edildi. Bäsleşige gatnaşyjy talyplaryň ýazan makalalaryny bahalandyrýan Eminler toparynyň agzalarynyň çykaran netijesi boýunça 7 sany iş, ýagny makala baýrakly orna mynasyp diýip yglan edildi.
Döredijilik bäşleşigi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gazanýan ösüşlerini wagyz etmekde, talyp ýaşlaryň döredijilik başarjaňlygyny işjeňleşdirmekde, aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda hem-de döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmekde dost-doganlyk köprüsini alamatlandyrdy. Bäsleşikde ýokary netijeleri görkezen talyp ýaşlara Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan Hormat hatlary we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
