HALKARA HYZMATDAṢLYGY
3 Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän köptaraply özgertmeleriniň çäklerinde bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 18-28-nji oktýabry aralygynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waýoming we Montana ştatlaryndaky okuw mekdepleri bilen bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini аra alyp maslahatlaşmak maksady bilen, guralan gulluk iş saparynyň dowamynda 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Waýoming uniwersitetiniň (UW) arasynda ikitaraplaýyn özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ähtnama esasynda mugallymlaryň alyş-çalşygy, talyplaryň alyş-çalşygy we daşary ýurtlarda bilim almagyň okuw maksatnamalary, bilelikdäki ylmy-barlag işi, seminarlara we ylmy maslahatlara gatnaşmak, okuw materiallaryň we beýleki maglumatlaryň alyş-çalşygy, gysga möhletli we uzak möhletli akademiki maksatnamalar (kreditli we kreditsiz görnüşlerde), şeýle hem beýleki ugurlarda Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Waýoming uniwersitetiniň (UW) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barlar.
