WATANYMYZYŇ — SPORT USSATLARY

18
       2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary hem-de olaryň halypa mugallymlaryny we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Belent münberde ady agzalan ýaşlaryň arasynda türkmen Tugymyzy belentde parladan sport ussatlarynyň arasynda Türkmen döwlet maliýe institutymyzyň talyplarynyň bolmagy hem aýratyn buýsandyryjy ýagdaý. Çünki Watanymyzyň ösüşli menzilleriniň altyn sahypalarynda institutymyzyň talyplarynyň atlarynyň bolmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmeginde talyplarymyzyň şahsy goşandynyň bardygyny alamatlandyrdy. 
       Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen halkara ýaryşlarda altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolan türgenlerdir olaryň tälimçileri 40 müň, 70 müň manat möçberde pul baýragy, şeýle hem 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulaglar bilen sylaglanyldy. 
        Milli Liderimiziň sözlerine we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly joşgunly aýdym dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Şa serpaýlaryna mynasyp bolan bagtyýar ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny ähli babatda görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.


Gudrat ESENOW, 
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby:

      — Käte adamyň ykbalyna ýerlän bagt hyýallaryna ýerleşmän bilýän eken. Mundan telim ýyl ozal: «Oglum bolsa, öz elim bilen türgenleşdirjek» diýen atanyň dört perzendiniň ulusy men. Kakam bilen sambo boýunça özbaşdak türgenleşiklere girişenimizde çagajykdym. Şol mahallar bar pikirim kakamyň arzuwlaryny amala aşyryp, sportda belli bir derejä ýetip bilmekdi. 
      Ýöne bir gün halkara ýaryşlara gatnaşaryn, medal yzyna medal gazanaryn, Şa serpaýynyň eýesi bolaryn diýip, ýatsam-tursam serime gelmeýärdi. Ine, bu gün bolsa halkara ýaryşlarda gazanan üstünliklerim üçin Şa serpaýynyň — ýe¬ňil awtoulagyň eýesi boldum. 
       Men Aşgabadyň etegindäki Garadamak obasynda ösüp-ulaldym. Türgenleşiklerimizi öýde geçýärdik. Gapdalyndan hem sport mekdebine gatnap, bu işde tejribeli tälimçilerden tälim alyp başladym. Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasy tarapyndan geçirilen milli birinjilikde üstünlikli çykyş edip, ýygyndy topara kabul edilen günümdäki begenjim heniz hem ýüregimi ýyladýar. Şondan bäri milli we halkara ýaryşlarda her gezek diýen ýaly medal gazanmak başartdy. Kakam: «Türgen, ilki bilen, özüni ýeň¬megi başarmaly» diýýärdi. Men hem şu ýörelgä gulluk etdim. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolup, ata-enemi, tälimçilerimi begendirenim üçin özümi diýseň bagtly hasaplaýaryn.

Bagtyýar MYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby:
     — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly  Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ruhubelentligiň we sagdynlygyň mekanyna öwrülen ata Watanymyzda biz — ýaşlara okamaga, döwrebap ylym­bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga, dürli halkara derejeli bäsleşiklere gatnaşyp, ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrmaga hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär. 
   Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary hem-de olaryň halypa mugallymlaryny we tälimçilerini sylag-lamak dabarasy boldy. Belent münberde ady agzalan ýaşlaryň arasynda türkmen Tugymyzy belentde parladan sport ussatlarynyň arasynda maňa hem  Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, maňa 40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragy sowgat berildi. Bu diňe bir meniň üçin däl, eýsem, ähli maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak möhüm waka öwrüldi.
    Pursatdan peýdalanyp, biz — ýaşlaryň ýagty geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly  Prezidentimize,  Gahryman  Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Goý, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň, Milli  Liderimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309