BAGTDAN SERPAÝLY ÝAŞLAR
10Mähri HOJAKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Bank işi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby:
Çagalyk döwrümden aýdym-saza bolan höwesim häzirki wagtda meniň sungat ýolumy kesgitlemäge, şol ýoluň ilkinji menzillerinde üstünliklere ýetmegime sebäp boldy. Hawa aýdym-sazyň jadyly bir dünýäsi bar. Ol dünýä mähirden, söýgüden, ýagşy arzuw-niýetlerden ybarat.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda meniň «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşige ilkinji gezek gatnaşyp, baýrakly birinji orna mynasyp bolmagym, hem-de bäsleşige gatnaşan aýdymçylar bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanmagym sungata bolan buýsançly duýgularymy has-da güýçlendirdi.
«Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, bu günki ýeň¬şimiň diňe bir meni däl, eýsem, tutuş maşgalamyzy, ýakynlarymy buýsandyrandygyna diýseň begenýärin. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda ýerine ýetiren aýdymlarymyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylanmagy meni örän begendirdi. Asylly däbe görä, her ýyl Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykarmakda hem-de halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmeginde uly ähmiýete eýedir.
Sungatymyza belent sarpa goýýan, biz — ýaşlara uly ynam bildirýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.