«BAGT — BU GADRYŇ BILINMEGIDIR»
21Çaryýar REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň hojalyk bölüminiň başlygy,
institutyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy:
Türkmen halkymyzda «Ýyllar ýyllardan zyýada» diýlişi ýaly, gelýän her täze ýyl taryhymyzyň gatlarynda altyn sahypalary açýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary guramaçylykly bellenilýän günlerinde, zähmetde, döredijilikde öz ukyp başarnygyny görkezen raýatlarymyza hormatly atlar, Şa serpaýlary ýapyldy. Çünki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň ykbalyny gülledýän, bagtdan serpaý getirýän ýyllardan biri boldy. Şol bagtdan serpaýly raýatlaryň arasynda meniň hem «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglanylmagym ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy.
Hawa, ýatdagalyjy taryhy pursatda dünýäde türkmen bolup dogulmak, şu bagtyýar döwrüň raýaty bolup ýaşamak, döredijilikli zähmet çekmek, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmak ýaly iň uly bagta eýedigime ýene bir ýola buýsandym. Döwrümiz — beýik ösüşleriň, özgerişleriň, maksatlaryň myrada gowuşýan döwri. Biz bilim ýolunda Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininiň, kämil paýhasynyň miwesi bolan dürdäne kitaplaryny esasy gollanmamyz, ýankitabymyz hasaplaýarys. Ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza baýramçylyk sowgady bolan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby hem biziň bilim işimizde, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň filosofiýasyna çuň¬ňur düşünmekde gymmatly gollanma öwrüldi.
Hormatly Prezidentimize Şa serpaýy üçin tüýs ýüregimden sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Watanymyzyň ösüşleri dowamat-dowam bolsun!