SYLAGLANDYRYŞ DABARASY

18
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY


      2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda 2025/2026-njy okuw ýylynyň I ýarymy boýunça dürli ders we ylmy bäsleşiklerde ýeňiş gazanan Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp ýaşlaryny we olara ýolbaşçylyk eden mugallymlaryny, şeýle hem aýyň mugallymy, aýyň kafedrasy, aýyň fakulteti bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. 
    Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda, döwlet we halkara derejelerinde  dürli ders olimpiadalary, ylmy, ylmy-döredijilik hem-de taslama bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Bu olimpiadalara we bäsleşiklere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar uly höwes bilen gatnaşýarlar hem-de olar özleriniň nazary bilimlerini artdyrýarlar, amala ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler.  
      Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp ýaşlary hem dürli derejelerde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly I, II, III orunlary eýeläp, altyn, kümüş, bürünç medallara we diplomlara mynasyp bolýarlar. Geçirilýän olmpiadalarda we ylmy bäsleşiklerde talyp ýaşlaryň baýrakly orunlary eýelemeklerinde olara ýolbaşçylyk edýän Türkmen döwlet maliýe institutynyň degişli kafedralarynyň professor-mugallymlarynyň paýy örän uludyr. Halypa professor-mugallymlar esasy okuw sapaklaryndan daşary her gün talyp ýaşlara goşmaça bilim berýärler hem-de ylmyň inçe syrlaryny öwredýärler. Şeýlelikde, professor-mugallymlar talyp ýaşlaryň geljekde kärine ussat, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, döredijilikli pikirlenmegi başarýan, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly hünärmenler bolup ýetirşmeklerine goşant goşýarlar.
      2025/2026-njy okuw ýylynyň I ýarymynda ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda, döwlet we halkara derejelerde geçirilen olimpiadalarda, ylmy we taslama bäsleşiklerde I, II, III orunlary eýelän Türkmen döwlet maliýe institutynyň zehinli talyp ýaşlarynyň 61-sine we olara ýolbaşçylyk eden professor-mugallymlaryň 26-syna institutyň rektory tarapyndan dabaraly ýagdaýda dürli görnüşli sowgatlar gowşuryldy. 
     Sanly bahalandyryş ulgamynyň reýting programmasynyň görkezijilerine laýyklykda her aýda kesgitlenýän «Aýyň mugallymy», «Aýyň kafedrasy», «Aýyň fakulteti» bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlaryna, kafedralaryna we fakultetlerine institutyň rektory Hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşurdy.
     Türkmen döwlet maliýe institutynda däbe öwrülen sylaglamak dabarasy talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaga, professor-mugallymlary döredijilikli zähmet çekmäge bolan höweslerini has-da artdyrmaga ýardam berýär. 
      Soňra sylaglamak dabarasy Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Bagtyýarlyk joşguny» aýdym-saz toparynyň joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi.






Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309