«Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» atly sebitleýin maslahaty

14
       2026-njy ýylyň 25-26-njy fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralýan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» atly sebitleýin maslahaty geçirildi. 


     Iki gün dowam eden bu sebitleýin maslahatyň işi 8 bölümde dowam edip, olarda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) orny we wezipeleri, pul-karz syýasaty we hümmetsizlenmäni dolandyrmak, fiskal syýasaty - näbellilik şertlerinde ätiýaçlyklary döretmek, diwersifikasiýa we ykdysady ösüş üçin gurluş özgertmeleri, Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde zähmet bazarynyň ösüşi ýaly we başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
     Türkmen tarapyndan sebitleýin maslahata Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ykdysady nazaryýet kafedrasynyň müdiri Ruslan Jumaýew hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe kafedrasynyň müdiri Abdykerim Muhanow gatnaşdylar.


        Türkmen tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady özgertmeleriniň netijesinde durnukly ösüşiň gazanylýandygyny, maliýe we pul-karz ulgamynyň netijeli işleýändigini, salgyt-býujet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny, alnyp barylýan ykdysady syýasatynyň ylmy taýdan barlaglara esaslanýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän kynçylyklara garamazdan Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri ösüşiň depginli dowam edýändigini tassyklaýar.

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309