Talyp gözeli - 2026
11 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 25-ne Türkmen döwlet maliýe institutynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda çykyş eden talyp gyzlar ýörite meýilnama boýunça dürli tapgyrlarda bäsleşip, iş başarjaňlygyny, öz ugurtapyjylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny, hünärine bolan hormatdyr söýgüsini açyp görkezdiler. Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, birinji orna Türkmen döwlet maliýe institutynyň Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merjen Töräýewa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ahyrynda baýrakly orna mynasyp bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň dowamynda döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk hem-de alkyş sözleri aýdyldy.