HALKARA ZENANLAR GÜNI DABARALY BELLENILDI

12
            «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda gül-lälelere beslenip gelen bahar paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde 8-nji mart — Halkara zenanlar gününi uludan bellemeklik her bir ynsanyň kalbyny heýjana salýar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary, döredijilik duşuşyklary geçirilip zenanlarymyzyň hormaty has-da belende göterilýär. 
            2026-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň mejlisler zalynda talyp gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän zenanlarymyzy, mähriban enelerimizi, uýalarymyzy ezizlemek, olaryň irginsiz zähmetlerini sarpalamak ýörelgeleriniň häzirki günlerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. 
            Baýramçylyk dabarasynda institutynyň «Bagtyýarlyk joşguny» aýdym-saz toparynyň aýdymçylary tarapyndan ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabaranyň ahyrynda okamaga, öwrenmäge, döretmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309