“TALYP GÖZELI – 2026” BÄSLEŞIGINDE TALYBYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI
17 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýän “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry ýokary derejede geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky saýlawlarda zehini, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanmagy başaran talyp gyzlaryň 24-si gatnaşdy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guralyp, onuň jemleýji tapgyry Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, Aşgabat şäherinde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky saýlawlarda zehini, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanmagy başaran talyp gyzlaryň 24-si gatnaşdy.
Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar birnäçe döredijilik tapgyrlarynda çykyş edip, milli däp-dessurlarymyzy, el işlerini, aşpezlik sungatyny, şeýle hem saýlap alan hünärleri boýunça taýýarlyklaryny görkezmek arkaly eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boldylar.
Bu abraýly bäsleşikde Türkmen döwlet maliýe institutynyň Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merjen Töräýewa üstünlikli çykyş edip, baýrakly 2-nji orny eýelemegi başardy. Onuň döredijilikli çykyşlary, milli gymmatlyklarymyza bolan hormaty we ýokary taýýarlygy emin agzalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.
Bu üstünlik institutymyzyň talyplarynyň diňe bir hünär taýdan däl, eýsem döredijilik we jemgyýetçilik işlerinde hem ýokary derejede taýýarlyklydygyny aýdyň görkezýär.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary Merjen Töräýewany gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we oňa geljekki okuwlarynda hem-de döredijilik ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärler.