NOWRUZ GELDI ILIME
12 Türkmen halkymyzyň durmuşyna örän berk ornaşan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir. Merdana pederlerimiz Nowruzda berjaý edilýän däpleriň we ynançlaryň üsti bilen, nesilleri Watana wepalylyk, tebigata we durmuşa söýgi, ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläpdirler, ýaşlaryň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri, halal zähmet çekmek endiklerini kemala getiripdirler.
Iň bir naýbaşy baýramlaryň biri bolan, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Köpetdagyň ýaşyl meýdanly, gül-gülälekli giň ýaýlasynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag we Bagtyýarlyk etrap häkimlikleri hem-de Türkmen döwlet maliýe institutymyzyň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Nowruz geldi ilime» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy döredijilik ruhunda geçirildi.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys! Şeýle ajaýyp zamananyň goýnunda okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent maksatly tutumlary hemişe ösüşiň täze belentliklerinde üstünliklere ýar bolsun!