«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hünärmenleri bilen önümçilik duşuşygy geçirildi
9 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmen döwlet maliýe institutynyň Mejlisler zalynda talyp ýaşlar we mugallymlar bilen Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hünärmenleriniň arasynda önümçilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda sanly ulgamyň üsti bilen ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň, ýagny «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «Sanly karz», «Sanly töleg», «Onlaýn halkara tölegi», «Menzilara bank» ýaly töleg ulgamlarynyň amatlyklary, olaryň raýatlar, işewürler, edara-kärhanalar üçin ähmiýeti, döredýän mümkinçilikleri giňişleýin açylyp görkezildi.
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen bu önümçilik duşuşygy hormatly Prezidentimiziň «bilim-ylym-önümçilik» arabaglanyşygyny utgaşykly durmuşa geçirmek baradaky kesgitleýän degişli wezipeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hünärmenleriniň amaly ähmiýetli çykyşlary nazaryýetde berilýän bilimleriň tejribe bilen utgaşdyrylmagyna, şeýle hem bankyň sanly mümkinçiliklerinden peýdalanyjylaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer diýen pikiri ynamly aýtmaga doly esas bar.
Önümçilik duşuşygynyň ahrynda talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.
