TÜRKMENISTANYŇ TALYPLAR WOLEÝBOL LIGASYNDA I ORUN
17 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Talyplar Woleýbol Ligasynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň “Maliýeçi” gyzlar woleýbol topary üstünlikli çykyş edip, I orna mynasyp boldy.
Ýaryşyň dowamynda toparyň türgenleri ýokary taýýarlygyny, agzybirligini hem-de ýeňşe bolan uly hyjuwyny görkezip, täsirli oýunlary bilen tapawutlandylar. Bu üstünlik talyp ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasynyň artýandygynyň, şeýle hem institutda bedenterbiýe we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
“Maliýeçi” toparynyň gazanan bu ýeňşi institutyň sport abraýyny has-da belende göterip, ýaş türgenleri täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle hem toparyň tälimçilerine we türgen gyzlaryna geljekki ýaryşlarda hem uly üstünlikler arzuw edýäris.
