“MALIÝEÇI” GYZLAR WOLEÝBOL TOPARY — TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY LIGASYNYŇ ÇEMPIONY

8
“MALIÝEÇI” GYZLAR WOLEÝBOL TOPARY — TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY LIGASYNYŇ ÇEMPIONY
       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty ösdürmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle üstünlikleriň nobatdaky beýany hökmünde Türkmen döwlet maliýe institutynyň “Maliýeçi” gyzlar woleýbol topary woleýbol boýunça geçirilen 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň ýokary liga zenanlar klub toparlarynyň arasyndaky çempionatynda üstünlikli çykyş edip, hormatly I orna mynasyp boldy.
      Çempionatyň dowamynda toparyň türgenleri ýokary ussatlygyny, agzybirligini we ýeňşe bolan uly ymtylyşyny görkezip, ähli duşuşyklarda işjeň hem-de bäsdeşlerinden tapawutlanyp üstünlikli çykyş etdiler. Gazanylan bu üstünlik institutda sporta, bedenterbiýä we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
     “Maliýeçi” talyp gyzlar toparynyň bu ýeňşi Türkmen döwlet maliýe institutynyň sport abraýyny has-da belende göterdi. Toparyň tälimçilerini we türgen talyp gyzlaryny gazanan uly üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, geljekki ýaryşlarda hem täze ýeňişleri arzuw edýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309