TDMaI — milli reýting görkezijileriniň bahalandyrmasynyň netijelerine laýyklykda I orna mynasyp boldy.

13
     Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, üstünlikli durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde milli bilim ulgamy güýçli depginde ösdürilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary we pedagogik işgärleriň döredijilikli zähmet çekmekleri, ylym bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
     Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2026-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 52 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnamasynyň» görkezijileriniň esasynda, 2025-2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň (her bir professor-mugallyma düşýän ortaça bal esasynda) milli reýting bahalandyrmasynyň netijelerine laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe instituty 18,95 bal toplap, I orna mynasyp boldy.
     Bu ýokary netije institutymyzyň bilim, ylym we okuw-terbiýeçilik işlerinde gazanýan üstünlikleriniň, professor-mugallymlarynyň hem-de işgärleriniň yhlasly zähmetiniň, şeýle-de okuw mekdebimizde alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň aýdyň netijesidir.
     Gazanylan bu üstünligiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan institutymyza I derejeli diplom gowşuryldy.
   Bu üstünlik diňe bir aýratyn bir bölümiň ýa-da toparyň däl, eýsem institutymyzyň ähli dekanlyklarynyň, kafedralarynyň, professor-mugallymlarynyň, işgärleriniň we tutuş zähmet toparynyň agzybirlikde alyp baran işleriniň umumy netijesidir.
   Gazanylan bu uly üstünlik mynasybetli institutymyzyň ähli dekanlyklaryny we kafedralaryny, professor-mugallymlaryny, işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys. Her birimiziň zähmeti, yhlasy we jogapkärçiligi institutymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşantdyr.
         I orun — bu biziň umumy üstünligimizdir!
         Bu ýeňiş — umumy zähmetimiziň, agzybirligimiziň we birlikdäki azabymyzyň netijesidir!

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309