CirculEC

103
Türkmen döwlet maliýe instituty Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «Dolanyşykly ykdysadyýeti we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw maksatnamalary we modullary işläp düzmek» (CirculEC) atly taslamasyna gatnaşýar
      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentimiziň Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly syýasaty netijesinde bilim we ylym pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösýär, bu bolsa biziň ýurdumyzyň ylmy we bilim potensialymyzy güýçlendirýär. 
      Türkmen döwlet maliýe instituty 2023-nji ýyldan başlap 2026-njy ýyl aralygynda hereket etjek ERASMUS + maksatnamasynyň «Dolanyşykly ykdysadyýeti we dumukly ösüş boýunça innowasion okuw maksatnamalary we modullary işläp düzmek» atly taslamasyna gatnaşýar.
      Taslamanyň meýilnamasyna laýyklykda 2024-nji ýylyň aprel aýynyň         20-den maý aýynyň 1-i aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bielefeld, Ispaniýa Patyşalygynyň Santýago de Kompostela we Italiýa Respublikasynyň Neapol şäherlerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmeni Rustam Gadžiýewiň, Turkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy Şöhrat Bäşimowyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy  Arslan Matkarimowyň gatnaşmagynda duşuşyklar we okuw maslahatlar geçirildi. 
      Maksatnamanyň çäginde Aprel aýynyň 22-23 aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bilefeldiň Kiçi we orta işewürliginiň amaly ylymlary Uniwersitetinde «Fachhochschule des Mittelstands» (FHM) geçirilen maslahatyň açylyk dabarasynda degişli ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary giriş sözleri bilen çykyş etdiler, taslamanyň işiniň şowly bolmagyny arzuw etdiler.  Geçirilen duşuşyklarda we okuw maslahatlarda taslamanyň iş meýilnamasy, guramaçylyk-maliýe meseleleri, öňde goýlan maksatlary, ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy, indiki geçiriljek duşuşyklaryň we okuwlaryň seneleri ara alyp maslahatlaşyldy.
      Aprel aýynyň 24-26 aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Santýago de Kompostela Uniwersitetinde  okuw maslahaty gecirildi. Gatnaşanlar durnukly ösüş we dolanşykly ykdysadyýet meselelerini çözmekde Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ileri tutulýan meseleler barada öz pikirlerini we tejribelerini paýlaşdylar: şäher we senagat galyndylaryny dolandyrmak, gaýtadan işlemegi ösdürmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, plastik galyndylary azaltmak we ş.m. Şeýle hem agyz suwuny gaýtadan işlemek üçin ylmy-barlag merkezlerine we barlaghanalara saparlar gurnaldy.
      Aprel aýynyň 29-y maý aýynyň 01-i aralygynda Italiýa Respublikasynyň Neapol şäheriniň Federiko II Uniwersitetinde duşuşyk geçirildi. Dolanyşykly ykdysadyýet üçin iş modullaryny öwrenmek we ösdürmek üçin wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-hem Gazagystan, Özbergistan, Täjigistan hem-de Türkmenistan Respublikalaryndan baran wekilleri üçin  “Dolanyşykly ykdysadyýet”, “Telekeçilikde dolanyşykly ykdysadyýetiň biznes modelleri”, “Dolanyşykly ykdysadyýetiň gurallary” ugurlar boýunça okuwlar geçirildi. Gurnalan okuwlar üstünlikli tamamlandy we bu okuwlara gatnaşan wekillere degişli şahadatnamalar hem berildi.

Paýlaş

Saparlar

Türkmen döwlet maliýe instituty Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «Dolanyş [...]

CirculEC

Türkmen döwlet maliýe instituty Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «Dolanyş [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309