Türkmen döwlet maliýe institutynda ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli, şeýle hem kafedralaryň guraýan hepdelikleriniň çäklerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.
Ylmy-amaly maslahatlarda Türkmen döwlet maliýe institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem aspirantlar, doktorantlar, hünärmenler alyp barýan ylmy temalaryndan çykyşlary edýärler.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary beýleki ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara gatnaşyp, ýerine ýetirýän ylmy temalaryndan çykyş edýärler.
Türkmen döwlet maliýe institutynda 2025/2026-njy ýylyň dowamynda aşakdaky ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirildi:
|
T/b |
Ylmy-amaly maslahatlaryň ady |
Meýilleşdirilen senesi |
|---|---|---|
|
1 |
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI MYNASYBETLI «ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞINI |
29.08.2025ý. |
|
2 |
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNI MYNASYBETLI «GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT |
23.09.2025ý. |
|
3 |
HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI «DIÝARYMYZYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYK HUKUK DEREJESI – PARAHATÇYLYGYŇ, ERKANALYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILNAMASYDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT |
09.12.2025ý. |
|
4 |
1941-1945-NJI ÝYLLARYŇ BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNDA ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI «WATAN GAHRYMANLARYNYŇ EDERMENLIGI – ÝURDUMYZYŇ ÝAŞ NESILLERI ÜÇIN NUSGALYK MEKDEBIDIR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT |
05.05.2026ý. |
|
5 |
TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI «ÝAŞYL TUGLY DIÝARYMYZDA SANLY YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEGIŇ HUKUK ESASLARY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT |
15.05.2026ý. |
|
6 |
YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI «DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE YLMYŇ EÝELEÝÄN ORNY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT |
08.06.2026ý. |
|
7 |
MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI «ÝAŞYL YKDYSADYÝET-ÖSÜŞIŇ TÄZE NUSGASY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT |
23.06.2026ý. |
Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar. Professor-mugallymar we talyplar wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly onlaýn tertipde daşary ýurtlaryň guraýan ylmy maslahatlaryna, simpoziumlaryna hem işjeň gatnaşyp, ýerine ýetirýän ylmy temalaryndan çykyşlary edýärler.
TM
EN
RU