Türkmen döwlet maliýe institutynda ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli, şeýle hem kafedralaryň guraýan hepdelikleriniň çäklerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.

Ylmy-amaly maslahatlarda Türkmen döwlet maliýe institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem aspirantlar, doktorantlar,  hünärmenler alyp barýan ylmy temalaryndan çykyşlary edýärler.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary beýleki ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara gatnaşyp, ýerine ýetirýän ylmy temalaryndan çykyş edýärler.

Türkmen döwlet maliýe institutynda 2025/2026-njy ýylyň dowamynda aşakdaky ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirildi:

T/b

Ylmy-amaly maslahatlaryň ady

Meýilleşdirilen senesi

1

BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI MYNASYBETLI «ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞINI
ÜPJÜN ETMEKDE BILIMIŇ EÝELEÝÄN ORNY
» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

29.08.2025ý.

2

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNI MYNASYBETLI «GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

23.09.2025ý.

3

HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI «DIÝARYMYZYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYK HUKUK DEREJESI – PARAHATÇYLYGYŇ, ERKANALYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILNAMASYDYR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

09.12.2025ý.

4

1941-1945-NJI ÝYLLARYŇ BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNDA ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI «WATAN GAHRYMANLARYNYŇ EDERMENLIGI – ÝURDUMYZYŇ ÝAŞ NESILLERI ÜÇIN NUSGALYK MEKDEBIDIR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

05.05.2026ý.

5

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI «ÝAŞYL TUGLY DIÝARYMYZDA SANLY YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEGIŇ HUKUK ESASLARY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

15.05.2026ý.

6

YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI «DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE YLMYŇ EÝELEÝÄN ORNY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

08.06.2026ý.

7

MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI «ÝAŞYL YKDYSADYÝET-ÖSÜŞIŇ TÄZE NUSGASY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

23.06.2026ý.

 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar. Professor-mugallymar we talyplar wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly onlaýn tertipde daşary ýurtlaryň guraýan ylmy maslahatlaryna, simpoziumlaryna hem işjeň gatnaşyp, ýerine ýetirýän ylmy temalaryndan çykyşlary edýärler.